Marsda gadymy çägeli kenarlaryň yzlary tapyldy

  • 28.02.2025 10:47
  • 3.5k+

Marsda bir wagtlar, hakykatdan hem, umman bolupdyr. Alymlar munuň subutnamasyny – gadymy çägeli deňiz kenarlarynyň (plýažlaryň) yzlaryny tapdylar. Bu barada «Daily Mail» habar berýär.

Bu açyş hytaýly «Çžužun» (Zhurong) mars roweriniň ýygnan maglumatlaryna esaslanýar. Mars roweri 2021-nji ýylda Gyzyl planeta gonup, Utopiýa tekizliginde gözleg işlerini geçirip başlapdy. Ol ýörite georadar bilen enjamlaşdyrylan. Alymlar şol georadaryň kömegi bilen Marsyň içki gatlaklaryny öwrendiler.
Maglumatlar seljerilende, dag jynslarynyň gatlaklarynda Ýerdäki deňiz kenarlaryna meňzeş gurluşlar tapyldy. Bu bolsa Marsyň demirgazyk böleginde bir wagtlar ummanyň bolandygyny tassyklaýar. Alymlar planetada on millionlarça ýyllap ýaşaýyş üçin amatly howa şertleriniň bar bolandygyny çaklaýarlar.
Şeýle hem 2024-nji ýylda amerikan alymlary Marsda fotosintez prosesini geçirip bilýän mikroblaryň ýaşamagy üçin amatly şertleri tapandyklaryny habar beripdiler. Bu şertler tozanly buzlaryň boşluklarynda ýüze çykarylypdy, bu ýerde erän suwuň köpürjikleri mikroorganizmler üçin amatly gurşawy döredýärdi. Bu açyş geçmişde Marsda ýaşaýşyň bar bolandygyny tassyklap biler.


düýn 14:38
2.7k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.3k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....