Türkmenistanyň BMG giren güni mynasybetli talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi

  • 27.02.2025 19:31
  • 4.7k+

26-njy fewralda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilen güni mynasybetli Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň yokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşik institutyň Halkara hukugy fakultetiniň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy we institutyň “Ýaş alymlar” geňeşi tarapyndan guraldy. Bu barada DIM-niň HGI-niň saýtynda habar berilýär. 

Bäsleşige Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyplary gatnaşdy. 
Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyrynda, BMG bilen bagly düzülen soraglara jogap bermek, 2-nji tapgyrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň immitirlenen sessiýasynda öz döwletiniň adyndan çykyş etmek, şeýle-de 3-nji tapgyrda, dünýä döwletleriniň baýdaklaryny ýatdan bilmek bilen baglanyşykly soraglara jogap bermek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijeleri şundan ybarat:

  • Baş baýrak - Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
  • 1-nji orun - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti;
  • 2-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty;
  • 3-nji orun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

Ýeňiji bolan toparlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.​​​​​​​



26.04.2026 20:55
3.3k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.9k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....

25.04.2026 19:30
2.5k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......

18.04.2026 23:48
2.1k+

Aşgabatda Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary Azat Ataýewiň Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki......