Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

  • 28.02.2025 11:43
  • 13k+

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär diýip, Altrata analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Wall Street Journal gazeti habar berýär.

Kompaniýa aşa baý adamlaryň täze kategoriýasynyň – supermilliarderleriň dörändigini we her biriniň baýlygy azyndan 50 mlrd dollar bolan adamlary bu kategoriýa degişli edip boljakdygyny belleýär. Şeýlelikde, Altrata supermilliarderleriň sanawynyň birinji ornunda Tesla, SpaceX we X kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Masky ýerleşdirdi. Onuň baýlygy 419,4 mlrd dollara barabar. Onuň yzyndan Amazon onlaýn reteýleriniň esaslandyryjysy Jeff Bezos gelýär – 263,8 mlrd dollar. Üçünji orny 238,9 mlrd dollar bilen LVMH kompaniýalar toparynyň eýesi Bernar Arno jemledi.
Dördünji we bäşinji orunlarda, degişlilikde Oracle tehnologiýa kompaniýasynyň ýolbaşçysy Larri Ellison ($237 mlrd) we Meta korporasiýasynyň baş müdiri Mark Sukerberg ($220,8 mlrd) ýerleşdi.
Umuman, dünýäniň iň baý 24 adamynyň baýlygy 3,3 trln dollara barabar bolup, bu Fransiýanyň JIÖ-i bilen deňleşýär. Sanawdaky 16 adamyň baýlygy 100 mlrd dollardan geçýär. Eger XIX asyrda we XX asyryň başynda iň barly adamlar senagatçylar bolan bolsa, häzir supermilliarderleriň aglabasy öz kapitalyny tehnologiýa pudagynda gazandy. 


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......