Hytaýda ilkinji elektrikli dirižabl synagdan geçirildi: ol ses-sedasyz uçýar we tebigata zyýan ýetirmeýär

  • 27.02.2025 17:48
  • 6.7k+

Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Szinmen şäherinde täze tehnologiýa synagdan geçirildi. AVIC korporasiýasynyň Aýratyn ulag serişdeleri gözleg instituty tarapyndan işlenip düzülen ilkinji elektrikli dirižabl bolan «AS700D» üstünlikli uçuryldy.

Dirižabl litiý-ion akkumulýatorlar bilen işleýär. Onuň hereketlendiriji ulgamy elektrikli hereketlendirijilere esaslanýar. Şonuň üçin hem ol hiç hili diýen ýaly ses çykarmaýar we ýylylyk bölüp çykaryp yz galdyrmaýar – bu aýratynlyk ony adaty gaz turbinaly ýa-da porşenli hereketlendirijiler bilen işleýän ulgamlardan tapawutlandyrýar.

Synag wagtynda dirižabl dik göterildi, 50 metr beýiklige çykdy we bir salym howada üznüksiz durdy. Ondan soň bolsa ýuwaşlyk bilen ýere gondy. Synaglaryň dowamynda elektrikli hereketlendirijili ulgamyň durnuklydygy we ygtybarly işleýändigi tassyklanyldy. Şeýle hem propeller ulgamynyň we çekiş ugruny dolandyrmak tehnologiýasynyň netijeliligi subut edildi.

Synag uçuşynyň uçarmany Lin Hun «AS700D» bilen uçmagy şeýle düşündirdi: «elektrikli awtoulag süreniň ýaly, uçmak ýeňil we birsydyrgyn bolýar». Bu bolsa dirižablyň dolandyrylyşynyň rahatdygyny we ýolagçy gatnatmak üçin amatlydygyny görkezýär. Onuň içine uçarman bilen bilelikde jemi 10 adam sygýar.

«AS700D» dürli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir. Ony howadan gözegçilik we syn işleri üçin ulanmak bolar. Şeýle hem howpsuzlygy üpjün etmek, desgalary goramak, tebigy ýagdaýlary gözegçilikde saklamak we zerur halatlarda adamlary göçürmek üçin hem ulanyp bolar. Dirižablyň iň ýokary uçuş belentligi 3100 metre, tizligi bolsa sagatda 80 kilometre ýetýär.


11.06.2026 23:52
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......