Türkmenistanyň ilçisi Italiýanyň Prezidentine Aşgabatdaky Halkara foruma çakylygy gowşurdy

  • 27.02.2025 12:23
  • 6.3k+

25-nji fewralda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekow Italiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kasseze bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Kwirinal köşgünde geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda F.Kassezä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella ýollanan 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegine we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara foruma çakylygy gowşurdy.
Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 22:17
1.3k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......