Saud Arabystanynda dünýäniň iň kaşaň otlularynyň biri hödürlendi

  • 27.02.2025 11:09
  • 9.6k+

Saud Arabystanynda Dream of the Desert kaşaň otlusynyň taslamasy hödürlendi. Ol Arap çölüniň üsti bilen, takmynan, 1255 km uzynlykdaky ugur boýunça gatnap, Er-Riýady patyşalygyň Iordaniýa bilen demirgazyk serhediniň golaýyndaky Al-Kuraýýat şäheri bilen birleşdirer.

Bäşýyldyzly otlynyň taslamasy Arsenale italýan brendi bilen bilelikde işlenip taýýarlandy diýip, Metro neşiri habar berýär.
Otly ilkinji syýahatyna 2026-njy ýylyň ahyrynda ugrar. Nyrhlar heniz tassyklanmadyk. Häzir ýerli we halkara şef-aşpezleriň tagamlaryny öz içine aljak menýunyň üstünde işlenýär.
14 wagonda 34 lýuks otagy ýerleşer. Liwanly binagär Alina Asmar d’Amman tarapyndan döredilen interýerler çöl peýzažlaryndan we yslam binagärliginden ylham alýar.

“Bu Saud Arabystanynyň çöl peýzažyna medeni taýdan aralaşmak üçin kaşaň syýahat” – diýip, ol belledi.

Ugur ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Haýlyň hem-de Al-Jufuň üsti bilen geçer.
Taslama Saud Arabystanyna ýylda 150 mln syýahatçyny çekmäge gönükdirilen “Görüş 2030” meýilnamasynyň bir bölegidir.




10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......