Microsoft kwant tehnologiýalarynyň ösüşini tizleşdirjek «Majorana 1» çibini tanyşdyrdy

  • 26.02.2025 23:12
  • 2.3k+

Microsoft korporasiýasy «Majorana 1» atly kwant çibiniň işlenip düzülendigini mälim etdi. Ol kwant kompýuterleriniň durnuklylygyny we netijeliligini ep-esli ýokarlandyryp biler. Majorana 1 kwant çibi adaty kwant kubitlerinden tapawutlylykda, has durnukly işleýän we daşky täsirlere duýgurlygy has az bolan topologiki kubitlerden peýdalanýar.

Adaty kubitler daşky gurşawyň täsirlerine garşy örän duýgur bolýar. Şol sebäpli olarda ýalňyşlyk döremek ähtimallygy hem ýokary bolýar. Topologiki kubitler bolsa başgaça prinsip esasynda işleýär. Olar 1937-nji ýylda teoretiki taýdan çaklanan Maýorana fermionlaryna esaslanýar.
Microsoft-a görä, täze tehnologiýa kwant kompýuterleriň has ygtybarly işlemegine kömek eder. Şeýle-de ýalňyşlyklary düzetmek prosesi ep-esli ýönekeýleşer. Eger çip, garaşylyşy ýaly, üstünlikli işlese, kwant hasaplamalary has çalt ýerine ýetiriler.
Korporasiýa geljekde birje çibe millionlarça topologiki kubiti ýerleşdirmegi maksat edinýär. Bu «häzirki wagtda» çözülmesi kyn bolan meseleleri aňsatlyk bilen çözüp biljek kwant kompýuterleriň işlenip düzülmeginde möhüm ädim bolar.
Emma bütin alymlar Microsoft-yň bu uly umytlaryna şübhe bilen garaýarlar. Sebäbi kompaniýa 2018-nji ýylda-da topologiki kubitleri döredendigini aýdypdy, ýöne şol wagt hem onuň netijeleri tassyklanmandy.
Microsoft täze çibiň hakykatdanam netijeli işleýändigini subut etmek üçin garaşsyz synaglaryň netijeleriniň hödürlenjekdigini wada berdi.


23.02.2026 13:14
1.3k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...