Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi

  • 26.02.2025 17:19
  • 5.5k+

24-25-nji fewralda Ankara şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew, türk wekiliýetine bolsa Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi.
Toparyň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ykdysady görkezijiler bilen tanyşdylar, şeýle hem geçen döwürde iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşini bellediler. Energetika, söwda, maýa goýum, bank, ulag-logistika, şäher gurluşygy we oba hojalygy pudaklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Nebit-gaz pudagynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şu ýylyň dowamynda bilelikdäki işleriň çäginde mundan beýläkki ädimler bellenildi.
Şeýle hem ylym-bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.
Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.


şu gün 16:02
639

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......