Dünýäniň tanymal kino işgärleri Rimiň kinoteatrlaryny halas etmäge çagyrdy

  • 26.02.2025 16:19
  • 4.1k+

Martin Skorseze beýleki dünýä belli kinorežissýorlar bilen bilelikde açyk hat bilen çykyş edip, italýan häkimiýetlerini Rimiň kinoteatrlaryny söwda merkezlerine we super marketlere öwürmek meýilnamasyny togtatmaga çagyrdy. Bu barada Variety ýazýar.

Hat Italiýanyň paýtagtynda şeýle üýtgeşmelere gadaganlygy kanun taýdan ýatyrmak meýilleşdirilenden soň neşir edildi.
Skorseze rimli Cinema America toparynyň kömek etmek haýyşyna seslenip, açyk haty neşir etdi. Bu hat Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella we premýer-ministr Jorjiýa Melonä gönükdirildi.

“Baky şäheriň medeni taýdan dikelişi üçin niýetlenen ýerleri myhmanhanalara, söwda merkezlerine we super marketlere öwürmek synanyşygy düýbünden kabul ederlikli däl” – diýip, režissýor ýazdy.
“Şeýle özgerişlik öwezini dolup bolmajak ýitgi bolar: bu diňe bir şäheriň baý taryhyny däl, eýsem geljekki nesiller üçin medeni mirasy depgilemek bilen barabar gelýär. Biz dünýädäki kärdeşlerimizi, festiwal müdirlerini we ähli medeniýet işgärlerini dünýäniň iň möhüm medeni we owadan şäherleriniň birini halas etmekde soňky mümkinçiligi saklamak üçin bu hata gol çekmäge çagyrýarys” – diýip, Skorseze belledi.

Bu hata eýýäm Stiwen Spilberg, Jorj Lukas, Dewid Kronenberg, Spaýk Li, Ues Anderson, Ýorgos Lantimos, Alfonso Kuaron, Ari Aster, Uillem Defo, Izabella Rossellini, Mark Ruffalo, Pol Şreder, Tomas Winterberg, Juli Teýmor, Demien Şazell, Robert Eggers, Joanna Hogg, J.J.Abrams, Joşua Safdi, Todd Heýns, Jadd Apatou, Mark Kuzins, Doun Hadson, Lea Seýdu, Jon Turturro, Pawel Pawlikowskiý, Jeremi Tomas, Debra Uinger we Mubi-niň esaslandyryjysy Efe Kakarel gol çekdi.


düýn 22:06
651

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 16:13
4.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....