Tesla "Cybertruck" ulagyny beton diwara urup gördüler: ine, netijesi

  • 26.02.2025 12:13
  • 8.3k+

Tesla Cybertruck elektrikli pikaby ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli administrasiýasynyň (NHTSA) iň ýokary netijesini (5 ýyldyzdan 5-si) alandan soň, Ilon Maskyň kompaniýasy bu ulagynyň kraş-synaglarynyň (ulagy dürli ýol-ulag hadysalarynda synag edip görmek) wideosyny paýlaşdy.

Cybertruck-yň berkligini ony sagatda 56 km tizlik bilen beton diwara urup barlap gördüler. Bu hili synag ulaglaryň howpsuzlygy barlananda adaty kadalar bolup durýar.
Ýiti burçlary hem-de polat korpusy bolan Cybertruck-yň adaty ulaglardan üýtgeşik daş görnüşi tankytçylaryň öň bu ulaga ynamsyz garamagyna sebäp bolýardy. Emma Tesla-nyň inženerleri ähli ýagdaýlary göz öňünde tutupdyrlar. Wideoda pikap ulagynyň öň tarapynyň diwara urşy görkezilýär. Ulag onuň öň böleginiň urgynyň esasy güýjüni özüne siňdirer ýaly edilip düzülipdir. Kuzowyň esasy bölegi, şol sanda kabina abat galýar. Polat karkas epilmeýär.
Diňe bir öň urgular boýunça däl, eýsem, maşyny agdaryp hem synag edip gördüler. Ulag togalansa-da, üçegine hiç zat bolmandyr.

Bu synaglar baryp, 2023-nji ýylda geçirilipdir, emma Tesla wideony NHTSA-nyň bahalandyrmasyndan soň paýlaşdy.


13.05.2026 23:24
2.6k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....