Kianu Riwz “Konstantin” filminiň dowamynyň üstünde işleýär. I bölüm 2005-nji ýylda çykdy

  • 26.02.2025 09:30
  • 2.4k+

DC Studios “Konstantin: Tümlügiň hökümdary” elhençlikler filminiň dowamy üçin ssenariý taýýarlamaga rugsat berdi. Bu barada asyl filmiň baş gahrymany Kianu Riwz “Inverse” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aktýor režissýor Frensis Lorens we ssenariçi Akiwa Goldsman bilen bilelikde taslamanyň üstünde işleýär.

“Biz eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowamyny düşürmäge synanyşýarys. Ýakynda biz hekaýaty düzüp, ony DC Studios-a hödürledik. Olar rugsat berdi. Indi biz ssenariý ýazmaga synanyşarys” – diýip, aktýor aýtdy.

Ilkinji film 2005-nji ýylda çykdy we 70-100 mln dollar býujet bilen 230,8 mln dollar gazandy. Öz döwründe film tankytçylardan dürli seslenme aldy, ýöne ahyrynda meşhur bolmagy başardy.
Onuň dowamynyň wakalary birinji bölümdäki ýaly garaňky älemde ýaýbaňlanar.

“Biz birinji bölümden daşlaşmarys. Ýöne Jon Konstantine täze azaplar garaşýar” – diýip, Riwz belledi.

Mundan öň prodýuser Lorenso di Bonawentura ssenariniň bir wariantynyň heniz 2024-nji ýylyň sentýabrynda taýýar bolandygyny habar beripdi.
Tilda Suintonyň asyl filmdäki keşbine gaýdyp geljekdigi ýa-da ýokdugy häzirlikçe belli däl. Aktrisa kärdeşleriniň meýilnamalary barada hiç zat bilmeýändigini aýtdy.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....