Xiaomi 15 Ultra-nyň ähli aýratynlyklary belli boldy

  • 25.02.2025 18:53
  • 7.3k+

Internetde 27-nji fewralda Hytaýda we 2-nji martda dünýä bazarynda resmi taýdan hödürlenjek Xiaomi 15 Ultra flagman smartfonynyň ähli aýratynlyklary we suraty peýda boldy. Täze enjam ýokary derejeli çip we täzelenen kameralar bilen enjamlaşdyryldy.

Xiaomi 15 Ultra-nyň esasy aýratynlyklary:

  • ·Çipset: Qualcomm Snapdragon 8 Elite, täze nesliň flagman prosessory.
  • ·Ekran: 3200 x 1440 piksel durulygy, 120 Gs täzelenme ýygylygy, 3200 kd/m2 çenli ýagtylygy we Shield Glass 2.0 goragy bolan 6,73 dýuýmlyk LTPO AMOLED.
  • ·Akkumulýator: 90 Wt simli we 80 Wt simsiz zarýad beriş goldawy (hytaý wersiýasy üçin) bilen 5410 mA/sag.
  • ·Kameralar: 50 MP esasy, 50 MP teleobýektiw, 200 MP periskopik, 50 MP ultra giňburçly kamera. Frontal kamera 32 MP.

Kompaniýa eýýäm Hytaýdaky Bilibili platformasynda bu smartfony gysgaça wideo synda görkezdi. 90 sekuntlyk wideoda gurluş üç wariantda, şol sanda Leica fotokameralaryndan ylham alan iki reňkli wariantda görkezilýär.

“Soňky 100 ýylda iň beýik kamera dizaýny” – diýip, Xiaomi smartfonyň arka paneliniň dizaýnyny suratlandyrdy, ähtimal, hut şu iki reňkli warianty göz öňünde tutan bolsa gerek. 100 ýyl mundan ozal smartfonlaryň ýokdugyny göz öňünde tutsaň, Xiaomi-niň bu smartfony klassyky fotoapparatlar bilen bir hatarda goýýandygy düşnükli bolýar.

Şeýle-de, wideo her bir smartfon örtüginiň teksturasyny aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...