Airbus uçarlarynda iki gatly oturgyçlary ornaşdyrmak pikirinden ýüz öwürdi

  • 25.02.2025 14:57
  • 9.1k+

Airbus awiagurluşyk kompaniýasy uçarlarynda iki gatly oturgyçlary ornaşdyrmak mümkinçiligini öwrendi, ýöne taslama birnäçe möhüm kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Çäkli giňişlik, awiasiýadaky berk talaplar we goşmaça çykdajylar bu taslamany maksada laýyk etmeýär.

Iki gatly oturgyç pikiri ilkinji gezek 1948-nji ýylda peýda boldy. Ýakynda Ispaniýanyň Chaise Longue startapy bu pikire gaýdyp gelip, Airbus-a öz işläp taýýarlamalaryny teklip etdi. Emma bu teklibiň durmuşa geçirilmegi uly sorag astynda.
Esasy kynçylyklar, aýratyn-da, gysga we orta aralyk ugurlar üçin niýetlenen uçarlarda kabinanyň çäkli beýikligi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, awiasiýada berk kadalar berjaý edilýär. Ýolagçylaryň ewakuasiýa düzgünleri şeýle çözgüdiň netijesiz bolmagyna getirýär, sebäbi adatdan daşary ýagdaýlarda tizlik hem ykjamlyk möhüm bolup durýar.
Galyberse-de, oturgyçlaryň köpelmegi uçaryň agramyna, ýangyç sarp edilişine we ekipaža düşýän ýüküň artmagyna täsir eder. Mundan başga-da, awiakompaniýalar hajathana we ekipaž agzalarynyň sany boýunça kadalary berjaý etmelidirler.
Netijede, uçaryň içki gurluşyny üýtgetmek pikiri çylşyrymly hem aşa gymmat taslama bolup görünýär.
Aşaky gatdaky oturgyçlaryň ýolagçylara aýaklaryny uzatmagy üçin giňişlik berip bilmek mümkinçiligine garamazdan, iki gatly oturgyçlar häzirlikçe  durmuşa geçirilmegi mümkin bolmadyk konsepsiýa bolmagynda galýar.


şu gün 09:50
2.6k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......