ABŞ-da Stiw Jobsy dollar teňňesinde ebedileşdirmek göz öňünde tutulýar

  • 24.02.2025 17:28
  • 8.1k+

ABŞ-da Stiw Jobsy täze bir dollarlyk teňňede ebedileşdirmek mümkinçiligi gözden geçirilýär. Bu teklibi Kaliforniýanyň gubernatory Gewin Nýusom öňe sürüp, Apple bilen Pixar-y esaslandyryjynyň dünýä innowasiýalaryna goşan goşandyny belledi.

Jobsy “Amerikan innowasiýalary” seriýasynyň bir dollarlyk teňňesinde şekillendirmek isleýärler. Bu seriýa 2018-nji ýyldan bäri ABŞ-nyň Zikgehanasynyň her bir ştata öz teňňesini döretmäge mümkinçilik berýän maksatnamasynyň çäklerinde çykarylýar. Teňňeler görnükli oýlap tapyjylara we täzelikçilere, şeýle-de olaryň üstünliklerine bagyşlanyp bilner.
Gubernatoryň pikiriçe, Jobs Kaliforniýanyň innowasion ruhuny ideal derejede görkezýär. Apple-iň esaslandyryjysy kompýuterleri hemmeler üçin elýeterli eden adam hökmünde tanalýar. Apple II öýde ulanmak üçin ilkinji şahsy kompýuter boldy, Macintosh bolsa düşnükli interfeýsiniň netijesinde kompýuter bilen işleşmegi aňsatlaşdyrdy.
Jobs tehnologiýany adaty adamlar üçin ýönekeý we amatly etmäge çalyşdy. Bu çemeleşmäniň netijesi sanly dünýäni üýtgeden iPod, iPhone we iPad gurluşlary boldy.
Jobs tarapyndan döredilen Pixar studiýasy doly derejede kompýuterde taýýarlanan ilkinji filmi – “Oýnawaçlaryň hekaýatyny” (История игрушек) çykardy.
Häzirki wagtda gubernator Nýusomyň teklibi ýörite komitet tarapyndan gözden geçirilýär. Deslapky dizaýn Jobsy gara switerde we äýnekde şekillendirmegi göz öňünde tutýar, ýöne bu gutarnykly wariant däl.
Teňňeleriň çykarylmagy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.


düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......