Microsoft korporasiýasy Windows 11-de “Ýolbelet” programmasyndan şahsy teklipleri aýyrdy

  • 24.02.2025 17:25
  • 2.1k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11-i (24H2 Build 26120.3281 wersiýasy) täzeläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndaky ulanyjylar üçin “Ýolbelet” (Проводник) programmasyndan şahsy teklipleri aýyrdy. Windows Latest-iň habar bermegine görä, üýtgeşmeler “Soňkular” (Недавние), “Maslahat berilýänler” (Рекомендуемое) we “Saýlananlar” (Избранное) bölümlerine täsir etdi.

Kompaniýa bu üýtgeşmeleri ÝB-de 2018-nji ýyldan bäri hereket edýän Maglumatlary goramak boýunça umumy düzgüne (General Data Protection Regulation, GDPR) laýyk gelmek üçin girizdi. Bu kanun şahsy maglumatlary ýygnamagy, saklamagy we ulanmagy düzgünleşdirýär.
Öň “Ýolbelet” ulanyjylaryň ýakynda giren faýllaryny hem-de guramadaky kärdeşleriň işlän resminamalaryny görkezýärdi. Indi ol diňe ýerli faýllary görkezer. Bu onuň işini hem tizleşdirip biler, çünki mazmuny gaýtadan işlemek we yzarlamak üçin serişde sarp etmez.
Üýtgeşmeler korporatiw ulanyjylar üçin aýratyn wajypdyr, sebäbi guramalarda ulanylýan Dev we Beta kanallaryna täsir edýär.


17.03.2026 20:39
754

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...