Huawei Hytaýda eplenýän smartfonlar bazarynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Ikinji orunda - Honor

  • 24.02.2025 14:26
  • 4.1k+

«Counterpoint» analitik kompaniýasynyň hasabatyna görä, Huawei kompaniýasy Hytaýyň eplenýän smartfon bazaryndaky agalygyny berkitdi we 2024-nji ýylda bu pudakdaky ähli satuwlaryň ýarysyna eýe boldy diýip, «GSMArena» habar berýär.

Huawei-niň iň meşhur modelleri «kitap görnüşli» smartfonlaryň arasynda Mate X5 we X6, «gapjyk görnüşli» telefonlaryň arasynda bolsa Pocket 2 we Nova Flip boldy.
Bazar paýy 10%-den ýokary bolan beýleki kompaniýa bolsa Honor boldy. Brendiň üstünligi inçe we ýeňil dizaýny bilen tapawutlanýan Magic Vs 2 we Magic Vs 3 modelleriniň ýokary satuwy bilen baglanyşykly. Beýleki hytaý brendleri, şol sanda Samsung-yň bazar paýy hem 10%-den az boldy.
2024-nji ýylda iň köp satylan bäş sany eplenýän smartfon ähli satuwlaryň 50%-den gowragyny emele getirdi. Bu sanawy Huawei-niň iki, Honor-yň iki we Vivo-nyň bir modeli düzýär.
Häzirki zaman eplenýän enjamlar has inçe we ýeňil bolup, has uzak ömürli batareýalara we kämilleşdirilen kameralara eýe boldular. Mysal üçin, Oppo-nyň şu hepde tanyşdyran Find N5 modeli eplenen ýagdaýyndaky bary-ýogy 8,93 mm galyňlygy bilen bazardaky iň inçe «kitap görnüşli» eplenýän smartfon boldy.
Eplenýän smartfonlar häzirki wagtda Hytaýyň umumy smartfon bazarynyň takmynan, 3%-ini emele getirýän bolsa-da, olaryň meşhurlygy barha artýar.


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....