Oppo Find N5: dünýäde iň ýuka eplenýän smartfon satuwa çykýar

  • 12.02.2025 20:31
  • 4.3k+

Oppo öz klasynda iň ýuka smartfon boljak Find N5 eplenýän smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Açylgy görnüşinde galyňlygy 4,2 mm bolar, bu bolsa onuň Honor Magic V3-denem (4,35 mm) inçe boljakdygyny aňladýar diýip, Gizmochina ýazýar.

Dogrusyny aýtsak, iň inçe eplenýän enjam galyňlygy 3,6 mm-lik Huawei Mate XT hasaplanýar, ýöne ol üç eplenýär, şonuň üçinem bu kontekstde hasaba alynmaýar.
Find N5-iň epinleri bildirtmeýän ekrany bolar. Oppo-nyň önüm boýunça direktory  Pit Lau smartfony Samsung Galaxy Z Fold 6 bilen deňeşdirip, bu barada habar berdi.
Mundan başga-da, Oppo inçe bolmagyň hatyrasyna batareýanyň hiline degmez - enjam kremniý-uglerod öýjük tehnologiýaly, uly sygymy bolan 6000 mAh akkumulýator bilen üpjün ediler.

Smartfon Snapdragon 8 Elite prosessory bilen işlär hem-de 100 wattlyk simli we 50 wattlyk simsiz zarýad bermegi goldaýar.
Enjam birnäçe reňkde satylar: benewşe, ak, gara. Kamera bloky - "şaýba". Umumy dizaýn stili Oppo Find N3-iňki (OnePlus Open-iň 1-nji nesli) bilen birmeňzeşdir.
Enjamyň eplengi we ýazylgy görnüşdäki suratlary Internetde ýaýrady.
Şeýle hem, AI funksiýalarynyň bardygyny tassyklaýan AI belgisi görkezilen guty görünýär. Smartfon ýaňy-ýakynda adygan DeepSeek-R1 bilen birleşdiriler.
Oppo Find N5 20-nji fewralda Hytaýda we beýleki bazarlarda çykar. Alyjylara üç reňk hödürlener: benewşe, ak we gara.

düýn 23:54
959

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
771

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....