2025-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglarynyň reýtingi hödürlendi

  • 24.02.2025 14:13
  • 5.7k+

Awtoulag saýlananda rahatlyk we tizlik (dinamika) bilen bir hatarda, onuň ygtybarly bolmagy hem möhümdir. «iSeeCars» web saýtynyň bilermenleri 2025-nji ýylda çykan ulaglaryň modellerini seljerip, olaryň takmynan hasaplanan hyzmat ediş möhletlerini we bahalaryny derňäp, bazardaky iň uzak ömürli awtoulaglary kesgitlediler.

Reýtingdäki 15 ornuň 14-si Ýaponiýada öndürilen awtoulaglara degişli boldy. Ýapon brendlerine degişli bolmadyk ýeke-täk ulag – Günorta Koreýanyň «Kia Soul» modeli boldy. Amerikan we Ýewropa brendleriniň ýekeje ulagy hem sanawyň ilkinji 15-ligine girip bilmedi. Diňe käbir pikap modelleri ýörite kategoriýalarda gowy netije görkezmegi başardy.
Reýtingiň birinji ornuny «Honda Civic» eýeledi. Onuň ortaça hyzmat ediş möhleti 13,7 ýyl we abatlaýyş çykdajylary örän pes. «Toyota Corolla» we «Mazda3 Hatchback» hem degişilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Bu ulaglaryň hyzmat ediş möhletleri (degişilikde, 11,6 ýyl we 14,1 ýyl) hem uzak bolmak bilen bir hatarda, bahalary-da örän amatly.
Rahatlygyň we ygtybarlylygyň utgaşmasy bolan «Honda Accord» dördünji orunda ýerleşdi. «Subaru Impreza» bolsa, doly hereketlendirijili ulgamy we kyn şertlerdäki çydamlylygy bilen ilkinji bäşlige girmegi başardy.

Toyota kompaniýasynyň ygtybarly awtoulag öndürijisi hökmündäki abraýyny sanawdaky dört modeli tassyklady: «Corolla», «RAV4»«Prius» we «Camry Hybrid».
Amerikada we Ýewropada öndürilen awtoulaglaryň sanawyň ilkinji 15-ligine girip bilmezligi – ýapon brendleriniň entegem «ygtybarlylygyň nusgasy» bolup galýandygyny görkezýär.
«iSeeCars-yň» barlagynyň netijesine görä, uzak möhletleýin ulanmak üçin iň amatly ulaglar «Honda Civic», «Toyota Corolla» we «Mazda3» hasaplanýar. Bu modeller uly meseleleri döretmezden, eýelerine 10-15 ýyl aralygynda hyzmat edip bilýär. Şeýle hem olaryň umumy çykdajylary pes, hili bolsa durnukly bolýar.
2025-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglarynyň top-15 sanawy we olaryň ortaça hyzmat ediş möhletleri:

  1. Honda Civic – 13,7 ýyl;
  2. Toyota Corolla – 11,6 ýyl;
  3. Mazda Mazda3 (hetçbek) – 14,1 ýyl;
  4. Honda Accord – 13,1 ýyl;
  5. Subaru Impreza (uniwersal) – 11,2 ýyl;
  6. Mitsubishi Outlander Sport – 11,8 ýyl;
  7. Honda CR-V – 15 ýyl;
  8. Toyota RAV4 – 14,6 ýyl;
  9. Kia Soul – 9,9 ýyl;
  10. Mazda Mazda3 (sedan) – 10,6 ýyl;
  11. Hyundai Elantra – 9,8 ýyl;
  12. Toyota Prius – 13 ýyl;
  13. Toyota Camry Hybrid – 13,2 ýyl;
  14. Nissan Sentra – 9 ýyl;
  15. Nissan Versa – 7,6 ýyl.

şu gün 09:57
2.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

düýn 23:53
2k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

düýn 10:41
2.1k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 09:36
3.3k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....