Günüň üstünde dekabr aýyndan bäri ilkinji gezek ýokary derejeli alawlama bolup geçdi

  • 24.02.2025 12:48
  • 3.3k+

Günde tas iki ýarym aýyň içinde (2024-nji ýylyň 8-nji dekabryndan bäri) ilkinji gezek X2.0 derejeli alawlama bolup geçdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Institutyň maglumatlaryna görä, iň ýokary şöhlelenme 24-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 00:20-de hasaba alyndy.

“Alawlama bir gün öň başlan we häzirem dowam edýän Gün işjeňliginiň çalt ýokarlanmagynyň netijesi boldy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Barlaghana täze uly alawlamalaryň bolmak ähtimallygyny belledi, çünki häzirlikçe işjeňligiň peselmek alamatlary görünmeýär. Şeýle-de bolsa, alawlama ýeriniň Günüň günbatar gyrasy bolandygy sebäpli, onuň Ýere täsir etmek mümkinçiligi az diýlip hasaplanýar.


şu gün 15:54
400

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi...

22.01.2026 23:01
3.9k+

Güýçli Gün alawlamasyndan soň Ýeriň üstünde dörän üýtgeşik polýar şöhlelenmesi kosmosdan düşürildi

Russiýaly kosmonawt Sergeý Kud-Swerçkow Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan düşürilen Ýeriň üstündäki seýrek gyzyl polýar şöhlelenmesiniň kadrlaryny görkezdi. Hadysa şu ýylda ilkinji iň ýokary X derejeli alawlamanyň we XXI asyr üçin rekord derejeli radiasiýa tupanynyň netijesi boldy...

20.01.2026 23:00
3.3k+

Ýokary derejeli kosmos tupany asmany ýiti polýar şöhlelenmeleri bilen boýady

Ýeriň golaýynda XXI asyryň iň güýçli radiasiýa tupanlarynyň biri hasaba alyndy. Günüň ýokary energiýaly bölejikleri – proton akymlary örän seýrek S4 derejesine ýetdi – bu soňky 20 ýyldan gowrak wagt bäri hasaba alynmadyk rekord derejedir diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

19.01.2026 15:18
8.2k+

20-nji ýanwarda Ýerde güýçli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar

20-nji ýanwarda, sişenbe güni, Ýerde G3 we G4 derejeli magnit tupanlarynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...