Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça resminamalary taýýarlar

  • 22.02.2025 23:18
  • 5.8k+

21-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Daşary işler ministrligi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda:

  • “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy;
  • “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy;
  • “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar.

Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.
Serdar Berdimuhamedow teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 11:41
2.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......