Nickelodeon «Awatar» multfilminiň dowamyny «Ýedi asman» ady bilen yglan etdi

  • 22.02.2025 17:42
  • 3.6k+

Nickelodeon teleýaýlymy meşhur «Awatar: Aang hakynda rowaýat» (Аватар: Легенда об Аанге) multfilminiň dowamy boljak «Ýedi asman» (Семь небес) atly taslamany yglan etdi diýip, «Variety» neşiri ýazýar.

Täze animasion serial iki möwsüme bölüner we hersi ýarym sagatlyk 26 bölümden ybarat bolar. Häzirki wagtda taslamanyň üstünde işlenilýär.
Resmi beýana görä, serialyň wakalary «ýowuz betbagtçylyk sebäpli, weýran bolan dünýäde» bolup geçýär.

«Ýaş Toprak jadygöýi özüniň Korradan soňky täze Awatardygyny aňýar, emma bu täze we howply döwürde Awatar ady adamzadyň halasgäri bolmakdan ötri, onuň heläk edijisi diýmegi aňladýar. Ol we onuň uzak wagtlap ýiten ekiz dogany öz syrly gelip çykyşlaryny öwrenmeli we siwilizasiýanyň soňky sütüni ýykylmanka „Ýedi asmany“ halas etmeli bolýarlar» — diýlip, mazmunynda aýdylýar.

«Ýedi asman» Awatar älemindäki üçünji animasion serial bolar. Mundan öň Nickelodeon 2012-2014-nji ýyllar aralygynda dört möwsüm dowam eden «Korra hakynda rowaýat» (Легенда о Корре) multfilmini hödürläpdi. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda bolsa Aang we «Aang hakynda rowaýat» multfilminiň gahrymanlary barada doly göwrümli multfilmiň premýerasy bolar. Multifilmiň aktýorlar düzüminde Deýw Bautista, Dionn Kwon, Jessika Matten, Roman Saragosa we Erik Nam dagy bar.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....