Serdar Berdimuhamedow mugallymlaryň hünär synagyny geçirmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldady

  • 22.02.2025 13:13
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär synagyny geçirmegiň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, bu ugurda wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hödürlän teklibini goldady we wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Degişli teklip barada 21-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, milli maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ylmy usullary peýdalanyp, amaly taýdan ähmiýetli wezipeleri çözmäge ukyply, döredijilik başlangyçly hünärmenleri taýýarlamak babatda ulgamlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň innowasion-pedagogik tehnologiýalary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny özleşdirmek, bilim işine ornaşdyrmak, möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly okuw işini guramak ýaly başarnyklaryny ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär.


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......