Ýapon alymlary Gün ulgamynyň daşynda duzly suwuň bardygyny anykladylar

  • 22.02.2025 11:57
  • 6k+

Ýaponiýanyň Kioto uniwersitetiniň alymlary Rýugu atly asteroidde duzly minerallaryň bardygyny subut edýän maglumatlary tapdylar. Netijeler, Rýugunyň asyl gelip çykan planetasynda bir wagtlar suwuk duzly suwuň bar bolandygyny görkezýär. Barlagyň netijeleri «Nature Astronomy» (NatAstro) ylmy žurnalynda çap edildi.

Alymlar 2020-nji ýylda Hayabusa2 zondy tarapyndan ýygnalyp getirilen nusgalary jikme-jik öwrendiler. Bu nusgalaryň düzüminde natriý karbonaty, galit (daş duzy) we natriý sulfaty bar. Bu maddalaryň ählisi hem suw bilen täsirleşende emele gelýär.
Barlagçylaryň çaklamagyna görä, Rýugu ozal has uly asman jisiminiň bir bölegi bolupdyr. Ol takmynan 4,5 milliard ýyl ozal emele gelipdir.

«Bu duz kristallary bize Rýugunyň asyl gelip çykan ýerinde suwuk suwuň nädip ýitip gidendigini gürrüň berýär» — diýip, ylmy makalanyň awtorlarynyň biri Toru Masumoto düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, duzly minerallar çäklendirilen mukdardaky suwuklygyň gaza öwrülmegi ýa-da doňmagy netijesinde emele gelip biler.
Alymlar şeýle minerallaryň Serera atly kiçi planetada, şeýle-de Ýupiter bilen Saturnyň hemralary bolan Ýewropa, Ganimed we Enseladda hem tapylmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Bu asman jisimlerinde ýerasty ummanlaryň bardygy çaklanylýar.
Hayabusa2 missiýasy asteroidden alnan bäş gramdan gowrak materialy Ýere getirdi. Bu nusgalar Gün ulgamynyň irki döwürleri we ýaşaýşyň döremegi bilen baglanyşykly täze açyşlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....