Elde haşamlanan agaç gapakly noutbuk hödürlendi: ol ýekeje nusgadadyr

  • 22.02.2025 11:01
  • 3.2k+

Shimane Fujitsu kompaniýasynyň Fujitsu Client Computing önümçilik bölüminiň öndüren kompýuterleriniň sany 50 milliona ýetdi. Bu mynasybetli kompaniýa ýeke-täk nusgada kumiko usuly bilen haşamlanan agaç gapakly FMV Note C ultrabugyny çykardy. Bu barada IT Media habar berýär.

Kumiko takmynan 1500 ýyl mundan ozal Ýaponiýada dörän sungatdyr. Munda çylşyrymly nagyşlary döretmek üçin kiçijek agaç bölejikleri ulanylýar.
Noutbugyň gapagynda agajyň dört görnüşinden ýasalan 5800 element bar. Bu dizaýn ussat Funaki Kiýesi tarapyndan ýerine ýetirildi. Ol munuň üçin 2-3 aý sarp etdi.

Dizaýnyň esasy aýratynlygy, gapagyň gaty galyň bolup bilmezligindedir. Şonuň üçin, her agaç bölejiginiň galyňlygy 4 mm-den geçmän, olaryň hersiniň üstünde seresaplyk bilen işlendi. Mundan başga-da, noutbugyň S, F we J düwmelerinde agaç örtükleri bar, bu harplar Shimane Fujitsu Japan-yň gysga görnüşini alamatlandyrýar.
Şimane Fujitsu 30 ýyldan gowrak wagt bäri şahsy kompýuterleri öndürýär. Bu noutbuk kompaniýanyň ilkinji ýadygärlik noutbugy däldir. Şuňa meňzeş model kompaniýanyň öndüren kompýuterleriniň sany 40 milliona ýetenden soň hem çykarylypdy.


düýn 17:06
3.5k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.2k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......

08.05.2026 11:49
5.6k+

Ýaponiýada çagalaryň sany rekord derejede azaldy

Ýaponiýada çagalaryň sany azalyp, taryhdaky iň pes derejesine ýetdi. Ýaponiýanyň Dolandyryş işleri we kommunikasiýalar ministrliginiň maglumatlarynda 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli ýurtda 15 ýaşdan kiçi......