Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy

  • 22.02.2025 07:45
  • 7.3k+

21-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu foruma gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjу esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi.

“Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýär” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy. Şondan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar we gepleşikler arkaly syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyrylýar.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ilerledilýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda dürli ugurlarda özara söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy aýdyldy. Hususan-da, ýurtlarymyz energetika, nebitgaz, ulag, oba hojalyk pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, gurluşyk pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.


11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....