Türkmenistanyň Döwlet weterinariýa gullugy BOMKA-10 mejlisine gatnaşdy

  • 22.02.2025 07:30
  • 3.5k+

20-nji fewralda Aşgabatda BOMKA-10 maksatnamasynyň sebitleýin ýolbaşçy taslama toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Duşuşyk “Arçabil” myhmanhanasynda bolup, oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, BOMKA-10-nyň ýolbaşçylary, diplomatlar we halkara bilermenleri gatnaşdy.

Mejlisde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň halkara bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow çykyş edip, bilelikdäki çäreleriň ýerine ýetirilişi, olaryň netijeliligi we BOMKA-10 çäklerindäki geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berdi.
BOMKA-10 toparynyň her ýyl geçirilýän mejlisleri taslamanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bolup, gazanylan öňegidişlikleri seljermäge, gatnaşyjylaryň pikirlerini almaga we sebitleýin derejede strategiki çözgütleri işläp düzmäge mümkinçilik berýär.
Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy, satyn alyş işleri we BOMKA maksatnamasynyň indiki – on birinji tapgyry bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......