Meta işläp düzüjiler üçin emeli aňa bagyşlanan ilkinji LlamaCon konferensiýasyny geçirer

  • 22.02.2025 07:14
  • 1.8k+

Meta kompaniýasy işläp düzüjiler üçin özüniň generatiw emeli aňa bagyşlanan ilkinji konferensiýasyny geçirjekdigini yglan etdi. Meta-nyň Llama EA modelleri bilen baglylykda LlamaCon adyny alan çäre 29-njy aprele meýilleşdirilýär diýip, TechCrunch habar berýär.

Çärede kompaniýa işläp düzüjilere “iň gowy programmalary we programma önümlerini” döretmäge kömek etmek üçin açyk kodly EA modellerini işläp taýýarlamakda gazanan üstünliklerini görkezer.
Meta eýýäm birnäçe ýyl bäri EA tehnologiýalaryny taýýarlamak işine açyk çemeleşýär. Häzirki wagtda Llama-nyň esasynda döredilen programmalaryň ýa-da hyzmatlaryň anyk sany belli däl, ýöne kompaniýa Goldman Sachs, Nomura Holdings, AT&T, DoorDash we Accenture ýaly guramalaryň Llama modelini ulanýandygyny habar berdi.
Kompaniýanyň nygtamagyna görä, bu model ýüzlerçe million gezek ýüklenip alyndy we Nvidia, Databricks, Groq, Dell we Snowflake ýaly azyndan 25 hyzmatdaş Llama üçin hosting hödürleýär.
Gazanan üstünliklerine garamazdan, Meta Hytaýyň DeepSeek kompaniýasynyň öz önümleri üçin çynlakaý bäsdeş bolup biljekdigine ynanýar. Gürrüňlere görä, kompaniýa häzir DeepSeek-iň ulanylyş çykdajylaryny azaltmak we modelleri ösdürmek boýunça usullaryny seljerip başlady we alnan bilimleri öz işläp taýýarlamalarynda ulanmak isleýär.
Mundan öň, Meta-nyň baş müdiri Mark Sukerberg ýakyn aýlarda pikir ýöredip bilýän we multimodal ýaly birnäçe Llama modelleriniň işe giriziljekdigini habar berdi. Şeýle-de, ol geljekde bellibir hereketleri özbaşdak ýerine ýetirip biljek EA agentleri barada gürrüň etdi.
Kompaniýanyň generatiw EA gönükdirilen ilkinji çäresi boljak LlamaCon barada goşmaça maglumatlar ýakynda peýda bolar. Şol bir wagtyň özünde, işläp düzüjiler üçin ýyllyk Meta Connect konferensiýasy, adatdakysy ýaly, sentýabr aýynda geçer.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......