Ýeriň polýuslaryndaky buzlaryň eremegi taryhy derejä ýetdi

  • 22.02.2025 07:11
  • 11k+

ABŞ-nyň Gar we buz boýunça milli maglumat merkeziniň (NSIDC) berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralyna çenli Arktikada we Antarktikada deňiz buzlarynyň umumy meýdany rekord derejä – 15,76 million inedördül kilometre çenli azaldy. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu görkezijiler 2023-nji ýyldaky öňki iň pes derejeden hem 0,17 million inedördül kilometr azdyr. Bu barada «IFLScience» neşiri habar berýär.

2025-nji ýylyň fewral aýynyň ortalarynda Antarktikadaky buzlaryň meýdany 2,12 million inedördül kilometre, Arktikadaky buzlaryň meýdany bolsa 13,64 million inedördül kilometre çenli azaldy. Alymlar bu azalmalaryň esasy sebäpleri hökmünde adatdan daşary ýokary temperaturalary we Antarktikadaky deňiz buzlaryny weýran edýän şemallary görkezýärler.
Bu üýtgeşmeler ak aýylara, düwlenlere, moržlara we pingwinlere howp salýar, sebäbi olaryň ýaşaýyş gurşawy düýpli üýtgeşmelere sezewar bolýar.
Polýuslardaky buz gatlaklarynyň azalmagy global ýylylyk bilen baglanyşyklydyr. Bu üýtgeşmeler howanyň durnuksyzlygyna sebäp bolýar. Netijede, polýuslardaky tebigy ekoulgama we biologiki köpdürlülige uly zeper ýetýär.


04.06.2026 17:40
8.5k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......