Nikol Kidman we “Sýogunyň” ýyldyzy Anna Sawai "Time-yň" wersiýasy boýunça “Ýylyň zenanlary” diýlip yglan edildi

  • 22.02.2025 06:53
  • 4.1k+

Time žurnaly “Ýylyň zenanlarynyň” sanawyny çap etdi. Bu ýylky sanawa "has gowy, has adalatly dünýäni döretmek üçin özleriçe özboluşly iş alyp barýan" 13 zenan girdi.


Hususan-da, sanawda Golliwudyň ýyldyzy, “Oskar” baýragynyň we alty sany “Altyn globusyň” eýesi Nikol Kidman, şeýle hem “Sýogun” serialynda Mariko-sanyň keşbiniň üsti bilen tanymal bolan ýaponiýaly aktrisa Anna Sawai bar.
Şeýle hem 2025-nji ýyldaky sanawda:

  • amerikaly basketbolçy Eýja Wilson,
  • amerikaly gimnast Jordan Çaýlz,
  • islandiýa-hytaý jaz-pop aýdymçysy Leýweý (Laufey),
  • amerikaly aktrisa, model, teleýaýlymyň alyp baryjysy we ýazyjy Oliwiýa Mann,
  • afro-amerikan ýazyjysy we aktiwisti Rakel Willis,
  • adam hukuklaryny goraýjy fransuz aktiwisti Žizel Peliko,
  • biolog we daşky gurşawyň goragy boýunça aktiwist Purnima Dewi Barman,
  • amerikaly aktiwist Amanda Zurawski,
  • gambiýaly aktiwist Fatu Balde,
  • ABŞ-da açlyga garşy göreşýän Feeding America guramasynyň baş direktory Kler Babino-Fonteno,
  • Bobbie çagalar iýmiti kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş directory Laura Modi.

Bu saýlanan gahryman zenanlar her gün dünýäde aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine, şol sanda gender deňsizligine we howanyň üýtgemegine garşy göreşýär.
2017-nji ýylda Nikol Kidman Golliwudda deňagramlylygy dikeltmek üçin her 18 aýdan azyndan bir zenan režissýor bilen işleşjekdigini aýtdy. Şondan bäri aktrisa 19 zenan režissýoryň  filmleri we seriallary surata düşüriş işine gatnaşdy.

şu gün 00:07
917

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
980

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....