Nike kompaniýasy Kim Kardaşýanyň Skims brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze - NikeSKIMS sport egin-eşik brendini işe girizýär.
«Zenanlary sporty söýmäge höweslendirer ýaly, şeýle-de olarda özlerine bolan ynamy döredip, rahatlyk berer ýaly brend döretmäge hoşaldyrys» — diýip, Nike kompaniýasynyň müşderiler bilen işleşmek boýunça prezidenti Heýdi O’Nil aýtdy.
NikeSKIMS-iň ilkinji kolleksiýasy 2025-nji ýylyň ýazynda Amerikada satuwa çykarylar. 2026-njy ýylda bolsa bu brend halkara bazarlarynda giňden ýaýrar.
Skims 2019-njy ýylda Kim Kardaşýan tarapyndan döredildi. Kompaniýa ilkinji egin-eşik kolleksiýasyny satuwlar başlanyndan soň birnäçe minudyň dowamynda satyp gutardy we 2 million dollar gazandy. Brend egin-eşik önümçiliginde innowasion çemeleşmesiniň hasabyna dessine meşhurlyk gazandy. Eýýäm 2022-nji ýylyň ýazynda Kardaşýanyň brendi Time žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäde iň täsirli 100 kompaniýanyň sanawyna girdi. 2023-nji ýylda kompaniýanyň bahasy 4 milliard dollar bahalandyrylýardy.
Skims brendiniň maýadarlarynyň hataryna milliarderler - Deniel Sundheým, Stiwen Mandel we Joş Kuşner (ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň giýewsi Jared Kuşneriň erkek jigisi) girýär.
Skims şeýle hem Tokio-2022 we Pekin - 2022 Olimpiýa oýunlarynda ABŞ-nyň milli ýygyndysy üçin türgenleriň eşiklerini taýýarlady.
Skims bilen hyzmatdaşlyk çökgünligi başdan geçirýän Nike üçin halas ediji hadysa bolup biler. Nike onlaýn söwdany güýçlendirmek strategiýasynyň şowsuzlyga uçramagy we iri bölek söwda torlary bilen hyzmatdaşlykdan el çekmegi netijesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Nike-yň harytlaryna derek bu söwda torlaryny onuň bäsdeşleri - Adidas, Under Armour, New Balance we beýlekiler eýeledi.