Volvo Trucks Ýewropanyň ýük ulag bazarynda lider boldy

  • 21.02.2025 19:29
  • 6.4k+

Volvo Trucks ilkinji gezek Ýewropanyň agyr ýük ulag bazarynda lider boldy. 2024-nji ýylyň jemlerine görä, kompaniýa bazaryň 17,9%-ini eýeläp, jemi 56 müň 331 sany ýük ulagyny satdy. Metbugat beýannamasyna görä, iň köp satuw amala aşyrylan ýurtlar Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Polşa we Ispaniýa boldy.

Volvo Trucks kompaniýasynyň Prezidenti Rojer Alm müşderileriň ýük ulaglarynyň ýangyç tygşytlylygyna, howpsuzlygyna we ygtybarlylygyna ýokary derejede baha berýändigini belledi. Kompaniýanyň üstünlik gazanmagynda elektrikli, benzinli we dizel hereketlendirijiler bilen hödürlenýän täze «FH Aero» model hatarynyň uly orny bardyr.
Volvo Trucks şonuň ýaly-da 25 ýurtda bazar paýyny artdyrdy. Braziliýada kompaniýa yzly-yzyna üçünji ýyl 23,7% bazar paýy bilen liderlik ornuny saklap gelýär. Awstraliýada bu görkeziji 18,2%, ABŞ we Kanadada bolsa 10,5% boldy. Bu ösüş ýangyç tygşytlylygyna we ekologiýa taýdan arassa ýük ulaglaryna gyzyklanma bildirýän iri logistika kompaniýalary sebäpli, GDA ýurtlarynyň bazaryna-da täsir edip biler.


16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....

10.05.2026 15:03
5.9k+

Bilermenler uzak wagtlap yssyda durýan awtoulaglar üçin esasy töwekgelçilikler barada gürrüň berdiler

Duralgada ýöne duran ulaga hiç zat bolmajak ýaly. Emma bilermenler ýakyp barýan Günüň aşagynda ulagyň günläp, hepdeläp durmagy onuň daşky görnüşini bilniksizden üýtgedip biler, bu bolsa gaýtadan satylanda onuň......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......