Türkmenistanyň bilim ministri Pakistanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • 21.02.2025 18:23
  • 2.6k+

19-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistanyň ilçisi Ahsan Waganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli bilim ulgamynda geçiriljek çärelere pakistan tarapynyň gatnaşmaga çagyrylýandygy nygtaldy.
Şeýle hem, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna bu institutyň hyzmatdaşy bolan Pakistanyň COMSATS Uniwersitetiniň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.
Mundan başga-da, şu ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna pakistanly okuwçylaryň gatnaşmagy barada özara pikir alyşmalar boldy.
Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Feýsalabad şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba hojalygynyň ykdysadyýeti we maldarçylyk boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak başlangyjy öňe sürüldi.
Ilçi, öz gezeginde, türkmenistanly ýaşlaryň Pakistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bank işi, demir ýol, IT, derman senagaty, dil öwreniş hünärleri boýunça talyp hakly ýerler esasynda bilim almaklary üçin mümkinçilikleriň bardygyny habar berdi. Şeýle-de, ilçi özüniň diplomat hökmünde toplan tejribesini paýlaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “açyk sapak” bermäge isleg bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, Pakistan halkynyň nusgawy şahyry Allama Ykbalyň ömri we döredijiligi barada giňden tanyşdyrmak maksady bilen bilelikde çäreleriň guralmagyny teklip etdi.


düýn 18:58
2.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......