Rolls-Royce taryhynda iň kuwwatly ulagyny hödürledi

  • 21.02.2025 11:25
  • 7.3k+

 

Rolls-Royce kompaniýasy Black Badge hatarynyň üstüni ýetiren Spectre elektrik kupesiniň täze görnüşini hödürledi. Ol brend üçin rekord aýratynlyklara eýe boldy diýip, Tarantas.news ýazýar.

Awtomobil 659 at güýjüni berýär, ýöne doly güýç diňe bellibir režimler işjeňleşdirilen ýagdaýynda elýeterlidir. Launch Control bilen meňzeş bolan Spirited Mode režiminde awtomobil 4,1 sekuntda tizligini 96 km/sag çenli artdyrýar, bu adaty modelden 0,4 sekunt tizdir.
Rahatlygy we dolandyryjylygy ýokarlandyrmak üçin şassi we kuzowy dolandyryş ulgamy täzelendi. Amortizatorlar “sarsgyny” azaldýar, rul dolandyryşy bolsa has takyk hereketi üpjün edýär.

Modeliň daşky görnüşi hem täzelendi: kuzowyň täze reňki Vapour Violen we eksklýuziw 23 dýuýmlyk tigir diskleri awtomobiliň özboluşlylygyny görkezýär. Interýerde tükeniksizlik nyşany bolan elementler ulanylýar. Dekoratiw goşundylar uglerod sapaklarynyň örümini ulanmak bilen ýerine ýetirildi.
Kompaniýa häzirlikçe täze Black Badge Spectre ulagynyň bahasyny we satuwynyň başlanjak senesini mälim etmedi.


21.05.2026 11:31
5.9k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

20.04.2026 09:01
3.2k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
2k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......