Müsürde gadymy ýyrtyjylaryň näbelli görnüşiniň kelleçanagy tapyldy

  • 20.02.2025 22:50
  • 6.3k+

Müsürli we amerikaly alymlar bu açyşy Kairiň 90 km günorta-günbataryndaky Faýum oazisinde tapdylar. Olar oligosen döwrüniň gadymy ýyrtyjylary bolan giýenodonlaryň öň belli bolmadyk görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar.

JVP žurnalynda habar berişlerine görä, bu görnüşe gadymy Müsüriň hasyllylyk hudaýy Bastetiň hormatyna Bastetodon syrtos diýen at dakyldy.
Kaýnozoý döwrüniň bu iri ýyrtyjylary köpden bäri ýewropaly ýyrtyjylaryň nesilleri hasaplanyp gelinýärdy, ýöne täze açyş olaryň aslynyň afrikalydygyny tassyklaýar.

"Ýokarda agzalan ýyrtyjynyň bitin diýen ýaly kelleçanagyny tapmak islendik paleontologyň arzuwydyr. Mundan başga-da, bastetodonyň tapylmagy giýenodonlaryň nädip ýüze çykandygy, olaryň görnüş dürlüliginiň emele gelşi we yklymlara nähili ýaýrandygy baradaky düşünjelerimizi hasam giňeltdi" - diýip, El-Mansury uniwersitetiniň ylmy işgäri Şoruk Al-Aşkar gürrüň berdi.

Gazuw-agtaryş işleri 29,5-30 million ýyllyk jynslaryň ýatan ýeri bolan Karun kölüniň golaýynda geçirildi. Täze görnüş ozal ýewropaly nesillerden hasaplanyp gelnen Pterodon urugynyň Afrika giýenodonlaryna ýakyn bolup çykdy. Bu pterodonlaryň öňki iki görnüşini gadymy Müsüriň söweş taňrysy Sehmetiň hormatyna Sekhmetops jynsyna bölmäge mümkinçilik berdi.
Giýenodonlaryň uzynlygy üç metre ýetipdir, agramy 500 kg bolupdyr we öz-özi ýitelýän dişleri bolupdyr. Bastetodonyň tapylmagy olaryň ewolýusiýasyny öwrenmekde möhüm ädim boldy.


düýn 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....