Astronomlar 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyna baha berdi

  • 20.02.2025 22:13
  • 4.4k+

Astronomlar 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny maslahatlaşýar. Bu hadysa Ýeriň hemrasynda asteroidi haýallatjak atmosferanyň ýoklugy sebäpli, 500 – 2000 metr diametrli krateriň döremegine getirip biler.

New Scientist žurnalynda öz çaklamalaryny neşir eden alymlar şeýle çaknyşmanyň Ýerden görünjekdigini belleýär. Ol kuwwaty Hirosima taşlanan atom bombasyndan 343 esse güýçli bolan partlama sebäp bolup biler.
Şol bir wagtyň özünde çaknyşma mümkinçiligi örän az – 0,3%.
Ýöne asteroidiň 2032-nji ýylyň dekabrynda Ýere düşmek ähtimallygy 3,1%-e barabar. Deslapky çaklamalar 25-nji dekabrdan 18-nji fewral aralygynda asteroidiň hereketini öwrenmek üçin alnyp barlan 370 gözegçiligiň maglumatlaryna esaslandy.
Gaýtadan baha bermegiň netijesinde çaknyşma töwekgelçiligi tas 1,5 esse, 2,2-den 3,1%-e çenli ýokarlandy. Hatda şeýle pes ähtimallyk hem 2024 YR4 asteroidini häzirkizaman gözegçilik ulgamlary tarapyndan hasaba alnan Ýer üçin iň howply kosmos obýektine öwürýär. Şol bir wagtyň özünde planetologlar çaknyşma mümkinçiliginiň ýokarlanmagynyň howsala üçin sebäp däldigini belleýär: geljekki gözegçiliklerde orbitanyň takyklaşdyrylmagy çaknyşma ähtimallygyny doly aýryp biler.
Soňky gezek diametri 30 metrden uly bolan asteroid üçin çaknyşma ähtimallygyna 2004-nji ýylda şeýle ýokary baha berildi. Şonda deslapky maglumatlaryň esasynda planetologlar Ýeriň 2029-njy ýylda Apofis bilen çaknyşmak howpuny 2,7% diýip hasaplady. Ondan soňky gözegçilikler bu töwekgelçiligi doly aradan aýyrdy.
Alymlar “Jeýms Uebb” kosmos teleskopynyň kömegi bilen 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyny ünsli yzarlamagy dowam etdirýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...