Euronews-yň wekiliýeti Türkmenistana iş sapary bilen geler

  • 20.02.2025 15:57
  • 4.4k+

“Euronews” habarlar teleýaýlymynyň wekiliýeti ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen, Türkmenistana iş sapary bilen gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygynda bellenilip geçildi. Muny Biznes Türkmenistan elektron ýurdumyzyň Belgiýadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.

Taraplar hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda syýahatçylygy ösdürmek, medeni alyşmak hem-de möhüm wakalary köpçülige ýetirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Euronews” habarlar teleýaýlymy özüniň "Explore", "Cult" we "Meet the Locals" atly gepleşikleriniň maksatnamalaryna Türkmenistany goşmaga hem-de ýurduň beýan ediliş ugurlaryny giňeltmäge, täze media taslamalary ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
Ýewropanyň “Euronews” habarlar teleýaýlymy 1993-nji ýylda döredilip, gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma berilýär. Onuň 19 dilde ýaýlyma berilýän gepleşikleri 1,2 milliard adamy öz içine alýar. Aýda 29 million hemişelik gyzyklanýan tomaşaçysy bolan teleýaýlymyň baş edara binasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýär. 


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......