Aşgabatda Nottingem Trent britan uniwersitetiniñ wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 20.02.2025 14:28
  • 4.7k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiñ wekilleriniň Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Nottingem Trent uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylan sapara doktor Martin Sewior hem-de Sem Barkli wekilçilik etdi diýip, Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Taraplar ýokary bilim babatda, hususan-da, iňlis diliniñ okadylyşyny kämilleşdirmek, mugallymlary taýýarlamak hem-de akademiki alyş-çalyş babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryň işläp taýýarlanylmagynyň hem-de sanly bilim gurallaryň ornaşdyrylmagynyň wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Iňlis dili mugallymlary üçin okatmak usulyýetlerini kämilleşdirmäge hem-de okuw proseslerine innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen ussatlyk sapaklaryň we seminarlaryň geçirilmegine aýratyn üns çekildi.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......