Tormoz kolodkalarynyň tozany ekologiýa dizel hereketlendirijileriniň tüssesinden has köp zyýan ýetirýär - alymlar

  • 20.02.2025 13:28
  • 5.7k+

Beýik Britaniýanyň Sautgempton uniwersitetiniň alymlary könelen tormoz kolodkalaryndan çykýan tozanyň howany häzirki dizel hereketlendirijileriniň çykarýan tüssesinden has köp hapalaýandygyny anykladylar. Bu tozan saglyk üçin howply, dem alyş ýollarynyň keselleriniň döremegine sebäp bolýar.

Ozal kolodkalaryň düzümindäki asbesti öýken keselleri bilen baglanyşdyrýardylar. Şol sebäpli awtoulag öndürijileri ony mis bilen çalyşmaly boldular. Emma mis hem zyýansyz däl. Şeýle-de bolsa, bu gadagan edilenok we hemme ýerde tormoz ýasaýjy öndürijiler tarapyndan ulanylýar.
Bilermenler organiki tormoz kolodkalary diýilýänleri hem synagdan geçirdiler. Synaga dürli düzümli kolodkalaryň birnäçe toplumy gatnaşdy. Olaryň hiç biri hem kanagatlanarly netijeleri görkezmedi.
Tormoz we teker bilen baglanyşykly emele gelýän zyňyndylary düzgünleşdirýän düzgünleriň ýoklugy sebäpli bu meseläniň has hem ýitileşýändigi bellendi. Barlagçylar tekerleriň hem daşky gurşawa zyýan ýetirýändigini bellediler.


21.02.2026 19:07
4.2k+

Toyota Polşada awtomobilleri gaýtadan işleýän zawod gurar

Toyota Motor Europe Polşanyň Walbžih şäherinde ulaglary gaýtadan işlemek boýunça täze Circular Factory kärhanasyny döreder. Toplumyň meýdany 25 000 inedördül metr bolar, onuň ýyllyk kuwwaty bolsa ulanylyş möhleti tamamlanan 20 000 töweregi awtomobili gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer...

15.02.2026 10:24
9.8k+

ABŞ-da maşynlarda hiç kimiň halamaýan "Start-stop" ulgamyndan el çekdiler

ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) 2009-njy ýylda Prezident Barak Obamanyň döwründe parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen kabul edilen karary ýatyrdy. CBS News neşiriniň habar bermegine görä, indi awtomobil öndürijileri ulaglarynda "start-stop" ulgamyny ulanandyklary üçin ekologik bonuslary we ýeňillikleri alyp bilmezler...

13.02.2026 11:45
2k+

Her 200 elektromobil howadaky azot dioksidini 1,1% azaldýar

The Lancet Planetary Health žurnalynda çap edilen täze barlag Kaliforniýada elektrik we gibrid ulaglaryň howanyň hiline täsirini ýüze çykardy. Alymlaryň anyklamagyna görä, bu ulaglaryň sanynyň artmagy saglyk üçin örän howply bolan azot dioksidiniň (NO₂) derejesini ep-esli peseldýär...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...