Ýeriň aýlanyşynyň tizlenmegi sebäpli, dünýä wagtyndan bir sekunt aýrylar

  • 20.02.2025 13:15
  • 7.6k+

Soňky ýyllarda Ýeriň aýlanyşynyň tizleşmegi sebäpli alymlar bütindünýä wagtyndan bir sekunt aýyrmaly bolarlar. Düzedişi öňümizdäki birnäçe ýylyň içinde girizilmeli bolar diýip, Bütinrussiýa Fiziko-tehniki we radiotehniki ölçegler ylmy-barlag institutynyň baş müdiri Sergeý Donçenkonyň sözlerine salgylanýan  RIA Nowosti habar berýär.

Alymyň sözlerine görä, beýle üýtgeşmeler hiç hili kynçylyk döretmeýär.
Institutyň baş ylmy işgäri Witaliý Palçikow ozal Ýeriň aýlanyş tizliginiň adatdan daşary artýandygyny, şonuň üçin 2029-njy ýyla çenli bu täsiriň öwezini dolmak maksady bilen bir sekunt aýyrmagyň zerurdygyny aýdypdy.

“Ýer gyzýar we planetanyň jümmüşinde güýçli prosesler bolup geçýär. Galyberse-de, bu hadysanyň adam işjeňliginiň netijesi bilen asla baglanyşygy bolman hem biler. Şeýle hem ol çynlakaý tebigy hadysalaryň habarçysy bolman biler"- diýip, Donçenko belledi.

Ol Ýeriň aýlanyşynyň haýallap, tizlenip bilýändigini düşündirdi. Planeta häzirki wagtda tizlenme tapgyryny başdan geçirýär. Ylym henizem bu hadysanyň takyk sebäplerini kesgitläp bilmedi, ýöne bu prosese buzluklaryň eremegi we suwlaryň ýaýrawynyň üýtgemegi ýaly faktorlaryň täsir edýändigi çak edilýär.


22.03.2026 16:34
3.6k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.2k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...