Ýere şu ýylda iň uly asteroidleriň biri golaýlaşýar

  • 17.09.2025 23:21
  • 9.6k+

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Ýeriň golaýyndan 2025 FA22 asteroidi uçup geçer. Ol Aý orbitasynyň diametrinden biraz uly aralykdan geçer diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Şu ýyl 2025 FA22 planetamyzdan million kilometrden az aralykdan geçýän iň uly jisim bolar. Asteroidiň ululygy, takmynan, 166 x 290 metre barabar, agramy Çelýabinsk meteoritinden 1000 esse ýokary (takmynan, 11 müň tonna). Ol sagatda 38,8 müň kilometr tizlik bilen uçýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, onuň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy örän pes, nola deň diýen ýaly.
2025 FA22 2012-nji ýylda açyldy we Apollon asteroidler toparyna degişli. Ol 676 günde Günüň daşyndan aýlanýar we oňa 132 mln kilometr aralyga çenli golaýlaşyp, 319 mln kilometr daşlaşýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu asteroid Ýeriň golaýyndan wagtal-wagtal uçup geçýär. Onuň soňky şeýle ýakyn gelmesi 1940-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda bolup geçdi. Indiki gezek ol 2173-nji ýylyň sentýabrynda golaýdan geçer.
Alymlar asteroidi ýörite enjamsyz görmegiň mümkin däldigini belleýär: obýektiwiň diametri azyndan 30 sm bolan teleskop gerek.
Asteroidiň planetamyza iň ýakyn gelýän wagty Aşgabat wagty bilen 12:00 töweregi bolup geçer.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...