Täzelenen Tesla Model Y-niň köpçülikleýin önümçiligi başlandy

  • 20.02.2025 11:18
  • 3.8k+

Hytaýda täzelenen Tesla Model Y-niň köpçülikleýin önümçiligine başlandy. Cybertruck-a meňzeş elektrikli krossoweriň önümçiligi Şanhaýdaky «Gigazawodda» ýola goýuldy. Bu barada Tesla China kompaniýasynyň Weibo sosial torunda neşir eden habaryna salgylanyp, «Car News China» ýazýar.

Ilkinji seriýa Model Y awtoulaglary «Launch Edition» diýlip atlandyrylan ýörite görnüşde çykaryldy. Olar gök «Glacier Blue» reňk bilen boýaldy. Şeýle hem bu ulag 450 at güýjüne deň bolan iki hereketlendirijili ulgam bilen üpjün edildi.
Şanhaýda öndürilen ilkinji partiýanyň Model Y ulaglary NMC (nikel-marganes-kobalt) akkumulýator bilen işleýär. Onuň kuwwaty 78,4 kilowatt-sagat bolup, bir gezeklik zarýad bilen 719 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Bu ölçeg CLTC standartyna görä kesgitlenildi.
Bu elektrikli ulag 0-dan 100 km/sag tizlige 4,3 sekuntda ýetýär. «Launch Edition» görnüşindäki Model Y doly hereketlendiriji ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Ulagyň bahasy 253500-den 303500 ýuan (34800-den 41700 dollar) aralygynda üýtgeýär.
Şeýle hem ulagyň bir hereketlendirijili has arzan görnüşi hem bolar. Bu model bolsa 299 at güýjüne eýe. Onuň hereketlendirijisi 62,5 kilowat-sagat kuwwatly litiý-demir-fosfat (LFP) akkumulýatory bilen işleýär. Bu akkumulýator bilen ulag bir gezeklik zarýad bilen 593 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Bu hem şol bir hytaý ölçegine, ýagny CLTC standartyna görä kesgitlenildi.


şu gün 08:16
1.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....