Hytaýyň täze robot-kurýeri 1000 kg-a çenli ýük daşap bilýär

  • 19.02.2025 23:13
  • 3.7k+

Hytaýyň WeRide kompaniýasy Robovan W5 atly robot-kurýeri işläp düzdi. Bu täze nesil awtonom (öz-özüni dolandyrýan) ulag ýük daşamak usulyny düýpgöter üýtgedip biler. Ol doly awtonom ýagdaýda hereket edýär. Üstesine-de, umumy ýollarda gatnaw üçin niýetlenip, günüň 24 sagady üznüksiz işläp bilýär. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär.

Robovan W5-iň iň möhüm aýratynlygy – onuň 1000 kg-a çenli ýük göterip bilmek ukyby. Ulag datçikler bilen enjamlaşdyrylan. Bu datçikler robota daş-töweregini 360 gradus derejede görmäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ol ýoldaky beýleki ulaglary, pyýadalary, yşyklandyryş çyralaryny we dürli päsgelçilikleri kesgitläp bilýär. Şeýle-de ol dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilen. Ol manýowrlary özbaşdak edip, päsgelçiliklerden sowlup bilýär. Şeýle-de ýoluň eňňidini göz öňünde tutup, howpsuz ýagdaýda duralga ýerleşmegi başarýar.
Robovan W5-iň akylly dolandyryş ulgamy WeRide kompaniýasynyň robot-taksileri we beýleki awtonom ulaglary bilen geçilen 40 million kilometre golaý ýol tejribesiniň esasynda işlenip düzüldi. Robot marşruty häzirki wagt şertlerine görä sazlaýan ýörite optimizasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Bu ulgam ýoluň ýagdaýyny seljerip, ugruny üýtgedip bilýär. Netijede, heläkçilik howpy azalýar we eltip bermek işleri has netijeli ýerine ýetirilýär.
Robovan W5 bir gezeklik doly zarýady bilen 220 km aralygy geçip bilýär. Onuň ýük bölümi 5,5 kub metr göwrümli bolup, ony dürli maksatlar üçin uýgunlaşdyryp bolýar.


28.05.2026 17:08
4.7k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
1.7k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.2k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

15.05.2026 11:06
1.9k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......