“Neçža-2” “Tapmaça-2-den” öňe geçip, dünýäde iň girdejili multfilm boldy

  • 19.02.2025 16:31
  • 3.9k+

Hytaýyň “Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär” (Нэчжа побеждает царя драконов) animasion blokbasteri taryhda iň girdejili multfilm boldy. Ol Pixar-yň geçen ýylky “Tapmaça-2” multfilminden öňe geçdi diýip, Maoyan petek platformasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Reuters habar berýär.

Hytaýyň animasion filmi prokatda 12,3 mlrd ýuan (1,69 mlrd dollar) gazandy – bu mukdar Hytaýdan daşary deslapky satuwy we prokaty hem öz içine alýar. Dünýäde iň girdejili filmleriň sanawynda bu animasion film sekizinji orny eýeledi.
Şol bir wagtyň özünde bellesek, “Neçža-2” multfilminiň kassa ýygymynyň 99%-den gowragyny Hytaýyň materik bölegi üpjün etdi we bu, adatça, dünýä prokatynda girdejileriniň ýarysyny gazanýan golliwud taslamalaryndan düýpgöter tapawutlydyr.
HHR-iň kinoteatrlarynda multfilm 29-njy ýanwarda, ABŞ-da 15-nji fewralda çykdy. Mundan öň KHBS rekorda ýetmek üçin bu taslamanyň beýleki ýurtlarda çykmagynyň hökman däldigini belläpdi.
“Neçža aždarhalaryň şasyny ýeňýär” 2019-njy ýyldaky asyl multfilmiň dowamydyr. Ol XVI asyryň “Hudaýlaryň inwestiturasy” hytaý romanyna esaslanyp, Çentanguan şäherini goramaga çalyşýan jadyly güýji bolan oglan barada gürrüň berýär.
Hytaý bilermenleri HHR-de “Neçža-2-niň” gutarnykly girdeji ýygymynyň 16 mlrd ýuan (2,19 mlrd dollar) bolmagyny çaklaýar. Şeýle mukdar ony dünýäde iň girdejili bäşinji filme öwrer. Ondan köp diňe “Awatar”, “Ar alyjylar: Final”, “Awatar: Suw ýoly” we “Titanik” gazandy.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....