Hytaýda nebiti gazyp alýan, saklaýan we daşaýan dünýäde ilkinji gämini gurdy

  • 19.02.2025 14:26
  • 6.9k+

Hytaýly inženerler nebiti diňe bir gazyp almak bilen çäklenmän, eýsem ony saklamak we daşamak üçin hem niýetlenen äpet innowasion gämini gurdular. Bu gämi uglerody gazyp almak we saklamak üçin ýörite enjamlar bilen üpjün edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri ýazýar.

Täze gäminiň uzynlygy 333 metr, ini bolsa 60 metr. Ol her günde 120 müň barrel (19 müň m3-dan gowrak möçber) çig nebit çykarmaga ukyplydyr.
Gämi tüssäniň ýylylyk energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýär. Bu daşky gurşawa ýetýän zyýany azaltmaga we energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.


08.06.2026 19:01
4.4k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...