Xiaomi YU7 elektrikli krossoweri doly zarýad bilen 820 km-e çenli ýol geçip biler

  • 19.02.2025 14:29
  • 1.8k+

Xiaomi YU7 elektrikli krossoweri barada ilkinji maglumatlar Hytaýyň düzgünleşdiriji edaralarynyň maglumatlar binýadynda peýda bolupdy. Olarda ulagyň ölçegleri, agramy, iň ýokary tizligi we hereketlendiriji ulgamynyň güýji görkezilipdi. Emma akkumulýatorynyň kuwwaty we bir gezeklik zarýad bilen näçe ýol geçip biljekdigi barada anyk bir zat aýdylmandy. Indi bolsa şol soraglaryň hem jogaby tapyldy diýip, «CnEVPost» neşiri ýazýar.

«CnEVPost» neşiriniň habaryna görä, resmi maglumatlar binýadynda Xiaomi-niň elektrik awtoulaglarynyň iki görnüşi hasaba alyndy. Olaryň kody XMA6500LBEVA1 we XMA6500LBEVR3 bolup, olar YU7 krossoweriniň iki hereketlendirijili we bir hereketlendirijili görnüşlerine degişlidir.
Iki hereketlendirijili görnüş CATL kompaniýasynyň üç komponentli akkumulýatory bilen üpjün ediler. Onuň kuwwaty 101,7 kWt·sag bolup, CLTC standartyna görä bir gezeklik zarýad bilen 670 km-den 760 km-e çenli ýol geçip biler. Ulagyň umumy agramy 2405 kg-a barabar bolup, şonuň 666 kg-y akkumulýatora degişlidir.
Bir hereketlendirijili (monopriwod) görnüşde BYD kompaniýasynyň LFP akkumulýatory ulanylar. Onuň kuwwaty 96,3 kWt·sag bolup, CLTC standartyna görä bir gezeklik zarýad bilen 725 km-den 820 km-e çenli ýol geçip biler. Iki hereketlendirijili görnüşe garanyňda, bu modeliň umumy agramy has ýeňil – 2315 kg. Emma akkumulýatorynyň agramy birneme agyr – 719 kg. Munuň sebäbi batareýanyň himiki düzümi we energiýa saklaýyş dykyzlygy bilen baglanyşyklydyr. Iki hereketlendirijili NMC görnüşindäki akkumulýatoryň energiýa saklaýyş dykyzlygy 152,7 Wt·sag/kg bolsa, LFP akkumulýatorda bu görkeziji 134 Wt·sag/kg barabardyr.
Iki hereketlendirijili krossower 100 km ýola ortaça 13,38 kWt·sag energiýa sarp edýär. Bir hereketlendirijili görnüşde bolsa bu görkeziji 11,74 kWt·sag bilen çäklenýär. Hut şu artykmaçlyk, CLTC standartyna laýyklykda, onuň 820 km-e çenli ýol geçip bilýändigini resmi taýdan beýan etmäge mümkinçilik berýär. Emma elbetde, hakyky şertlerde bu menzil ep-esli azalyp biler. Eger ulag ýokary tizlikde dolandyrylsa ýa-da howa aşa sowuk bolsa, akkumulýatoryň güýji has çalt tükenip biler.
Xiaomi YU7 şu ýylyň iýun ýa-da iýul aýlarynda resmi taýdan satuwa çykarylar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....