Dünýäde iň uly aýsbergiň 80 kilometrlik bölünip aýrylan bölegine at berildi

  • 19.02.2025 14:24
  • 7.6k+

Ýer ýüzünde iň uly aýsberg bolan A23a-nyň şu ýylyň ýanwar aýynda bölünip aýrylan uly bölegine ABŞ-nyň Milli buz merkezi tarapyndan resmi at berildi. Indi meýdany, takmynan, 80 inedördül kilometr bolan buz bölegi A23b diýlip atlandyrylýar. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

Häzirki wagtda A23a Günorta Georgiýa adasyndan 300 km uzaklykda demirgazyk-günbatara tarap hereket edýär. Iki hepdäniň içinde dünýäde iň uly aýsberg 70 km süýşdi. Mundan öň bu aýsbergiň Günorta Georgiýa adasy bilen çaknyşmak ähtimallygy ýokary hasaplanypdy. Ýöne aýsbergiň ýoluny üýtgetmegi netijesinde çaknyşma bolmady.
Ýatlap geçsek, A23a aýsbergi 1986-njy ýylyň sentýabrynda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy we uzak wagtlap Ueddell deňzinde hereketsiz durdy. 2023-nji ýylyň noýabrynda Antarktika kenarynyň ugry bilen hereket edip başlady. Geçen ýyl aýsberg 1,4 müň km töweregi ýol geçdi. A23b-niň nähili ýol bilen hereket etjekdigini wagt görkezer.

şu gün 10:53
796

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:53
3.6k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

düýn 23:37
3.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......