Mask 2026-njy ýylyň noýabrynda Marsa emeli aňly robotlary ibermegi meýilleşdirýär

  • 19.02.2025 14:11
  • 3.5k+

Ilon Mask SpaceX-iň 2026-njy ýylyň noýabr aýynda xAI-niň Grok 3 emeli aň bilen işleýän Optimus robotlaryny iberjekdigini habar berdi. Bu barada Cointelegraph neşiri habar berdi.

Ýer bilen Marsyň arasynda uçuş üçin amatly penjire her 26 aýdan bir gezek açylýar. Şol wagt Gyzyl Planeta bize iň ýakyn aralykda ýerleşýär. Hasaplamalara görä, indiki amatly pursat geljek noýabr aýynda bolar diýlip çaklanylýar we SpaceX pursaty sypdyrmak islemeýär.

Mask X sosial ulgamynda: "Eger hemmesi zat oňuna bolsa, SpaceX [aerokosmos kompaniýasy] Marsa awtonom robotlar we Grok atly emeli aň bilen birlikde Starship kosmos gämisini iberer" – diýip mälim etdi.

Alymlar Marsy özleşdirmekde häzirki tehnologiýalar şertlerinde robotlaşdyrylan  ulgamlary ulanmaklygyň kosmonawtlary ibermekden has netijeli boljakdygy bilen ylalaşýarlar.
Bu missiýanyň Ilon Maskyň üç esasy kärhanasynyň bir taslamanyň çäginde edýän tagallalaryny birleşdirýändigini bellemelidiris: ýagny, kosmos tehnologiýalary we gaýtadan ulanylýan raketalar pudagynda öňdebaryjy - SpaceX; diňe bir elektrik awtoulaglary bilen däl, eýsem robot önümçiligindäki işläp taýýarlaýyşlary (Optimus gumanoid roboty) bilen hem tanalýan kompaniýa - Tesla; çylşyrymly ylmy meseleleri çözmek üçin nerw ulgamlarynyň indiki neslini döretmäge gönükdirilen başlangyç - xAI.


düýn 10:51
796

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......