Climate Impulse wodorod uçary 9 günde Ýeriň daş-töweregini aýlanyp çykmaga synanyşar

  • 19.02.2025 11:33
  • 2.9k+

2028-nji ýylda şweýsariýaly uçarman Bertran Pikkar suwuk wodorodda işleýän uçarda taryhda ilkinji gezek dünýäniň daş-töweregine aýlanyp çykmagy meýilleşdirýär. Climate Impulse taslamasynyň maksady awiasiýada ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmekden ybarat.

Uçar ýeňil kompozit materiallardan döredilýär we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň kömegi bilen suwdan alnan suwuk wodorody ulanar. Ýangyç elementleri ony hereketlendirijiler üçin elektrik energiýasyna öwrer.
Taslama Airbus we Belgiýanyň Solvay farmasewtika kompaniýasynyň esasynda döredilen Syencqo ylmy inkubatory tarapyndan goldanylýar. 2026-njy ýylda ilkinji synaglar, 2028-nji ýylda bolsa gonmazdan we goşmaça ýangyç guýmazdan dünýäniň daş-töweregine uçuşy amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Iki orunlyk uçar 9 günde 40 000 km geçmeli.
Topar eýýäm kabinanyň korpusyny gurup, ganatlary ýygnap başlady we rahat uçuş üçin ulgamy işläp taýýarlady. Esasy tehniki kynçylyklar – ýangyjy netijeli ulanmak we suwuk wodorody -253°C temperaturada saklamakdyr.
Climate Impulse eýýäm ep-esli maýa goýumlary özüne çekdi.

şu gün 00:18
325

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....