Boeing ýanwarda 45 sany uçar öndürdi, bu Airbus-dan iki esse diýen ýaly köp

  • 19.02.2025 11:25
  • 5.1k+

2025-nji ýylyň ýanwarynda Boeing müşderilerine 45 sany, Airbus bolsa 25 sany uçar gowşurdy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri Boeing kompaniýasy üçin iň gowy netije boldy. Önümçilik boýunça Boeing 2023-nji ýylyň mart aýyndan bäri ilkinji gezek Airbus-dan öňe geçdi diýip, «Reuters» neşiri habar berýär.

Boeing tarapyndan gowşurylan uçarlaryň esasy bölegini «737 MAX» modeli düzdi – jemi 40 uçar. Mundan başga-da kompaniýa dört sany «787 Dreamliner» we bir sany «777 Freighter» uçaryny gowşurdy.
Şeýle-de bolsa, täze sargytlar boýunça Airbus bäsdeşinden öňe geçdi: Airbus 51 sany, Boeing bolsa 36 sany täze sargyt aldy. Aýratynam giň göwreli «Airbus A350» uçary uly islege eýe bolup, 19 sany täze sargyt aldy.
Boeing indi «737 MAX» modeliniň önümçiligini aýda 38 uçara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär, bu bolsa FAA tarapyndan tassyklanan iň ýokary derejedir. Ýanwar aýy üstünlikli geçse-de, kompaniýa önümçiligini doly dikeltmek we bazardaky ornuny pugtalandyrmak üçin entek köp iş alyp barmaly. Şeýle-de bolsa kompaniýa abraýyna ýeten zyýandan kem-kemden saplanyp başlady.


düýn 18:14
5.2k+

Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy

2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy...

17.01.2026 16:47
3.6k+

Boeing 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sargytlaryň sany boýunça Airbus-dan öňe geçdi

Amerikanyň Boeing korporasiýasy geçen ýylyň jemleýji hasabatyny Ýewropanyň Airbus konserni bilen bir wagtda diýen ýaly çap etdi. Hasabata görä, Boeing täze raýat uçarlary üçin 1 173 sany sargyt almagy başardy, Airbus-yň görkezijisi bolsa 1 000 töweregi sargyt bilen çäklenip galdy...

15.01.2026 21:26
2.7k+

Airbus 2025-nji ýylda öz müşderilerine 793 uçar iberdi – ösüş 3,5% boldy

Ýewropanyň Airbus awiagurluşyk konserni 2025-nji ýylda dünýädäki awiakompaniýalara 793 raýat uçaryny iberdi. Görkeziji 2024-nji ýyldaky 766 uçar bilen deňeşdirilende 3,5% ýokarlandy. Täze uçarlary dürli ýurtlarda 91 müşderi kabul etdi...

04.11.2025 19:35
7.4k+

Boeing täze 777X uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi sebäpli 5,4 milliard dollar ýitirdi

Amerikanyň Boeing awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegine degişli maliýe hasabatyny ýaýratdy. Hasabata görä, 777X ýolagçy uçarynyň sertifikatlaşdyrylmagynyň gijikdirilmegi goşmaça çykdajylara we jemi 5,4 milliard dollarlyk ýitgä sebäp boldy...