Boeing çökgünligi togtatmak üçin uçar önümçiligini azaldar

  • 22.10.2024 08:24
  • 11k+

Boeing kompaniýasynyň täze baş müdiri Kelli Ortberg uçar önümçiligini azaltmagyň hasabyna kompaniýadaky çökgünligi togtatmak kararyna geldi diýip, The Wall Street Journal ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Boeing ikinji derejeli ýa-da netijesiz aktiwlerini satmak mümkinçiligini-de öwrenýär. Boeing-iň Wirjiniýadaky ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşykda kompaniýanyň ýolbaşçylygy her bölümçäniň ýagdaýyny öwrenip, şeýle ädimleri gözden geçirdi. WSJ-niň habar bermegine görä, geçen hepde kompaniýa hatda uly bolmadyk gorag golçur kärhanasyny satmak barada ylalaşyk gazandy.
Neşir Boeing-däki meseleleriň tutuş pudaga täsir edýändigini belleýär. Sentýabr aýynda kompaniýa 737, 767 we 777 uçarlaryna sargytlaryň azaldylmagy barada hem duýdurdy.
Oktýabr aýynda bolsa Ortberg kompaniýanyň ştatyny 10% azaltmak meýilnamalary barada aýtdy, bu, takmynan, 17 000 iş ornunynyň aýrylmagyny aňladýar. Bu çözgüt çykdajylary azaltmak we uçar önümçiliginde netijeliligi ýokarlandyrmak maksady bilen kompaniýany üýtgedip gurmaga gönükdirilendir, çünki soňky döwürde bu proses köp sanly gijikdirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Şeýle-de, awiagurluşyk kompaniýasy 19-njy oktýabrda International Association of Machinists and Aerospace Workers (Aerokosmos pudagynyň Halkara maşinistler we işçiler assosiasiýasy) kärdeşler arkalaşygynyň agzalary bilen deslapky ylalaşygy gazandy. Boeing işgärleriň zähmet hakyny 40% ýokarlandyrmak talabyna 25% ýokarlandyrmak teklibini öňe sürdi. Netijede, öndüriji geljek dört ýylyň dowamynda 35% möçberde goşmaça tölegi wada berdi.


19.02.2025 11:25
4.4k+

Boeing ýanwarda 45 sany uçar öndürdi, bu Airbus-dan iki esse diýen ýaly köp

2025-nji ýylyň ýanwarynda Boeing müşderilerine 45 sany, Airbus bolsa 25 sany uçar gowşurdy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri Boeing kompaniýasy üçin iň gowy netije boldy. Önümçilik boýunça Boeing 2023...

31.10.2024 14:51
8.2k+

“Boeing” taryhda iň uly paýnama satuwlarynyň birini geçirip, 21 milliard dollar toplady

"Boeing Co." 112,5 million aksiýa satyp, takmynan, 21 milliard dollar toplady. Bu taryhda jemgyýetçilik kompaniýasy tarapyndan iň köp satylan paýnamalaryň birine öwrüldi diýip, Bloomberg ýazýar. Uçar öndüriji kompaniýa...

02.08.2024 11:26
3.8k+

Boeing täze baş müdiri belledi

Boeing-iň täze baş müdiri wezipesine 64 ýaşly Kelli Ortberg bellendi. Ol 8-nji awgustda öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge girişer. Ortberg bu wezipede mart aýynda işden çekilýändigini habar beren Deýw Kalhunyň...

11.04.2024 15:38
7.2k+

Boeing uçarlarynyň üpjünçiligi 1,5 esse pese gaçdy

Boeing uçarlarynyň üpjünçiligi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tas bir ýarym esse pese gaçdy. Eger geçen ýyl ilkinji üç aýda 130 uçar ýola goýlan bolsa, bu ýyl olaryň...